- eziz
- [ezi:z]Mähriban, mähirli, gadyrly, hormatly, gowy, ýagşy.∙ Eneler-de eziz çagalaryndan aýrylmajak bolup aglaşýardylar. (B. Gurbanow, Duşuşyk)∙ Men muny siziň ýaly eziz myhmanlar üçin saklaýaryn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)∙ Oýlangyn, ezizim, gitmeli ugry. (A. Kekilow, Söýgi)∙ Ezizim, aglama, aglasaň erärsiň! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)◊ eziz görmek — Ýagşy görmek, gowy görmek, mähirli garamak, gowy seretmek.∙ Hany, seniň seni öz janyndan eziz görýän enä bolan ynanjyň? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Akjagül eziz görýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)◊ eziz tutmak — Gowy görmek, gowy saklamak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.